Ýusup hem kepenlik mata satyn aldy, jesedi aşak düşürip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlady. Soňra ol mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy.
Onsoň Isanyň şägirdi bolan, ýöne ýahudylardan gorkup, muny ýaşyryp ýören arimatiýaly Ýusup Onuň jesedini haçdan düşürip almaga Pilatdan rugsat sorady. Pilat oňa rugsat berdi. Ol baryp, Isanyň jesedini haçdan düşürip aldy.