Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:72 - Mukaddes Kitap

72 Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

72 Эдил шол вагт хораз икинҗи гезек гыгырды. Петрус Исаның өзүне: «Хораз ики гезек гыгырянча, сен Мени үч гезек инкәр эдерсиң» диен сөзлерини ятлап, мөңңүрип аглады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:72
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gije horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.


Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi.


Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy.


Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi.


Emma Petrus: «Eý, gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şol wagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy.


Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady.


Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ