69 Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy.
69 Кениз Петрусы гөренде, янындакылара: «Бу адам шоларың бири» дийип, ене-де айтды.
Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi.
Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy.
Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler.
Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş, men olardan däl» diýdi.
Gapyny saklaýan aýal Petrusa: «Senem bu Adamyň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.
Simun Petrus ol ýerde oda çoýunyp durdy. Ondan: «Senem Onuň şägirtlerinden-ä dälsiň?» diýip soradylar. Emma ol: «Ýok» diýip inkär etdi.
Şunlukda, eý, doganlar, eger kimdir biri günäniň toruna düşen bolsa, siz, ýagny Ruha görä ýaşaýanlar, ony ýumşaklyk bilen dogry ýola getiriň. Emma synaga düşmez ýaly, özüňize-de gözegçilik ediň.