Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:61 - Mukaddes Kitap

61 Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

61 Иса дымды, хич бир җогап бермеди. Баш руханы ене Ондан: «Шөхратлы Худайың Оглы – Месих Сенми?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:61
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady.


Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


Ol täzeden özüniň häkimlik jaýyna girip, Isadan: «Sen nireli?» diýip sorady. Emma Isa oňa jogap bermedi.


Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek, Ol hiç agzyny açmady.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ