Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:55 - Mukaddes Kitap

55 Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

55 Ёлбашчы руханылар ве ёкары меҗлис Иса өлүм җезасыны бермек үчин, Оңа гаршы субутнама агтардылар, йөне тапып билмедилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:55
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Seni tanaýanlara dowam etdir sadyk söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.


Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady.


Baş ruhany Isadan Onuň şägirtleri we taglymaty barada soraýardy.


Näme üçin Menden soraýarsyň? Näme aýdanymy eşidenlerden sora. Olar Meniň näme diýenimi bilýändirler» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ