Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:49 - Mukaddes Kitap

49 Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

49 Хер гүн ыбадатханада араңызда болуп, адамлара өвредйәрдим, шонда Мени тутмандыңыз. Йөне, гой, Мукаддес Язгылар берҗай болсун» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:49
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.


Emma beýtsem, Mukaddes Ýazgylar nähili berjaý bolar? Bularyň ählisiniň amala aşmagy gerek ahyry!»


Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.


Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusynda gezmeläp ýörkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna gelip:


Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler?


Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz?


Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


„Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar» diýdi.


Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi.


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.


Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.


Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ