Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.
Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.