Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:36 - Mukaddes Kitap

36 Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

36 Ол: «Абба, Атам, Сен хемме зады башарярсың. Бу хасрат кәсесини Менден сова гечир, йөне Мениң ислегим дәл, Сениң ислегиң амала ашсын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:36
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Isa ikinji gezek gidip, dileg etdi: «Eý, Atam, Men içmesem, bu käsäniň geçmegi mümkin däl bolsa, onda Seniň islegiň bolsun!»


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Olar-da: «Hawa, bileris!» diýdiler. Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz. Meniň hasratyma çümdürilersiňiz.


Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi?


Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn.


Isa Petrusa: «Gylyjyňy gynyna sal. Atamyň Maňa beren hasrat käsesinden içmäýinmi?» diýdi.


Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


ölüme, hatda haçdaky ölüme-de tabyn boldy, Özüni peseltdi.


Emma biz Oňa sadyk galmasak-da, Ol bize sadykdyr, sebäbi Ol Özüni ret edip bilmeýär.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ