Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:35 - Mukaddes Kitap

35 Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Иса бираз өңе йөрәнден соң, ере йүзин дүшүп, шу айылганч пурсадың мүмкин болса, Өзүнден сова гечмегини дилег этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:35
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Bütin ysraýyl halky gökden inen ody we öýdäki Rebbiň şöhratyny görende, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Halk: «Reb ýagşydyr! Onuň söýgüsi bakydyr!» diýip Rebbe şükür etdi.


Isa biraz öňe ýöredi-de, ýere ýüzin düşüp: «Eý, Atam! Mümkin bolsa, bu hasrat käsesini Menden sowa geçsin, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etdi.


Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.


Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.


Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyza çöküp:


Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ