23 Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi.
23 Онсоң шераплы кәсәни алып, шүкүр эденинден соң, олара берди, хеммеси ондан ичди.
Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň şägirtlerine berip: «Şundan hemmäňiz içiň.
Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.
Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.
Isa eline bir käse alyp şükür etdi-de: «Muny alyň-da, içiň.
Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.
Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?