Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 14:18 - Mukaddes Kitap

18 Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Сачак башында нахар ийип отыркалар, Ол: «Сизе догрусыны айдярын, сизден бири, Мениң билен нахар ийип отуран бириңиз Маңа хайынлык эдер» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 14:18
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Olar naharlanyp otyrkalar, Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn: siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Size dogrusyny aýdýaryn, kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.


Isa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň we Hoş Habaryň hatyrasyna öýüni, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çagalaryny ýa-da mülk ýerlerini taşlabam,


Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar.


Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygynyň gudrat bilen gelýänini görmezden ölmezler».


Mesihe baglydygyňyz üçin, kim Meniň adym bilen size bir käse suw berse, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz» diýdi.


Habylyň ganyndan başlap, ybadathana bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürilen Zekarýanyň ganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şuny aýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.


Ine, Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başynda otyr.


Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilmeýär.


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


Bu zatlary aýdandan soň, Isanyň ýüregini gussa gaplady. Ol: «Hakykatdan hem, siziň biriňiz Maňa haýynlyk edersiňiz» diýip, açyk aýtdy.


Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler.


Isa oňa: «Sen Meniň üçin janyňy bermäge taýýarmyň?! Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýip jogap berdi.


Men saňa dogrusyny aýdýaryn, ýaşkaň özüň biliňi guşap, islän ýeriňe gidýärdiň. Garranyňda welin, elleriňi uzadyp durarsyň, seni başga biri guşandyryp, islemeýän ýeriňe alyp gider» diýdi.


Hakykatdan hem, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize şaýatlyk edýäris, emma siz biziň şaýatlygymyzy kabul etmeýärsiňiz.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, size gökden çörek beren Musa däl. Gökden size hakyky çöregi Meniň Atam berýär.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden baky ýaşaýşa gowşandyr.


Isa olara: «Siz Onkileri Özüm saýlap almadymmy? Muňa garamazdan, araňyzdan biri iblisdir» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ