Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Үзүмчилигиң эесиниң ол ере ибермәге ене бир адамы галяр, ол-да өзүниң еке-тәк сөвер оглуды. Оглумы сыларлар өйдүп, ол иң соңунда кәрендечилериң янына өз оглуны иберйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 12:6
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa üýtgeşik don tikipdi.


Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler.


Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Ata Ogly söýýär we Ol hemme zady Onuň eline tabşyrandyr.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi.


Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi.


Çyn ýürekden söýýän eziz dostum Gaýusa men ýaşuludan dogaýy salam.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ