Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 12:24 - Mukaddes Kitap

24 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Иса олара шейле җогап берди: «Сиз не Мукаддес Язгылары, не-де Худайың гудратыны билйәрсиңиз. Ялңышыңызың себәби хем шунда дәлми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 12:24
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter.


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.


Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.


Näçe köp kanunlar ýazsam, olar muny ýat zat hasap edýärler.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däldir, emma Hudaý üçin beýle däl – Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn».


Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar.


Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.


Şol pursada çenli olar Mukaddes Ýazgylarda Isanyň direljekdigi barada aýdylan sözlere henizem düşünmändiler.


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Sebäbi Isa Mesih biziň ejiz we ähmiýetsiz bedenlerimizi özgerdip, Öz şöhratly bedenine meňzeder. Ol muny her zady Özüne tabyn etmegi başarýan güýji arkaly amala aşyrar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ