Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.
Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.
Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.
„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.
Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.