Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mark 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бу Худайың Оглы Иса Месих хакдакы Хош Хабарың башлангыҗыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mark 1:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Gaýykdakylar: «Sen, hakykatdan-da, Hudaýyň Oglusyň» diýip, Oňa sežde etdiler.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Isa gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin ysraýyl halkyna toba etmegi we suwa çümdürilmegi wagyz etdi.


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ