Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол ата-энелериң йүрегини чагаларына, чагаларың йүрегини ата-энелерине тарап өврер. Шонда Мен гелип, юрды нәлетләп ёк этмерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 4:6
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Iýerusalimiň garşysyna urşan milletleri Reb şu belalar bilen jezalandyrar: heniz aýak üstünde gezip ýörkäler – tenleri, hanasyndaka – gözleri, agyzlaryndaka – dilleri çüýrär.


Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli milletleri ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi.


Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.


Emma akbaşdyr ýandak bitýän ýer dereksizdir, ol näletlenendir we howp astyndadyr. Ahyrsoňy ony oda ýakarlar.


Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir bir gylyç çykyp durdy. Ol olary demir hasasy bilen dolandyrar. Ol şerap sykylýan çukurda Hökmürowan Hudaýyň gazaply gaharynyň şerabyny sykýar.


Bu şäherde indi asla nälet bolmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty bu şäherde bolar. Hudaýyň bendeleri Oňa hyzmat ederler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ