Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Erbetleri basgylarsyňyz, çünki Meniň bellän günüm olar siziň aýaklaryňyzyň astynda kül bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эрбетлери басгыларсыңыз, чүнки Мениң беллән гүнүм олар сизиң аякларыңызың астында күл болар. Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 4:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Ýer bilen ýegsan etdim, ýaraladym, galyp bilmeýär, aýaklarymyň astyna olar ýykylýar.


Olary tozan dek edip ýençdim, köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.


Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, budunyň siňirleri örüm-örümdir.


Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?


Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et.


Dogry adamlar palma agajy deý pajarlar, Liwanyň kedr daragty deý boý alar.


Rebbiň eli bu dagda bolar, dersli çukurda samanyň depelenişi kimin mowaplylar-da öz ýerlerinde basgylanar.


Ol şäher ejizleriň aýaklary, mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Sen köp etmişleriň bilen, erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň; onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy. Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp, ýer ýüzünde kül etdim.


Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


«Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.


Söweş esgerleri deý bolar olar, depelärler duşmany köçeleriň palçygynda. Rebbiň özleri bilendigi üçin söweşip, olar atly goşuny uýada goýarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meniň bellän günüm olar Meniňki bolar. Olar Meniň gymmatly halkym bolar. Atasynyň özüne hyzmat eden ogluna haýpy gelşi ýaly, Meniň hem olara haýpym geler.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym aralyga ýaýrady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ