Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Хей, ынсан Худайың хакыны иерми? Сиз Мениң хакымы ийдиңиз! Сиз болса: «Биз нәдип Сениң хакыңы ийдик?» диййәрсиңиз. Хасылыңызың ондан бир бөлегини бермекде ве садакаларыңызда ийдиңиз!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 3:8
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, Seni beýgeltjek, çünki Sen ýokary meni galdyrdyň, meni duşman gülküsine goýmadyň.


Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.


Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.


Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.


Ol: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Zyna etmezligi wagyz edip, näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenji saýýan bolsaň, näme üçin Öz Hudaýyňa garşy küpür gepleýärsiň?


Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ