Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Мен Ребдирин, үйтгейән дәлдирин. Шонуң үчин хем сиз Якубың несли болмакдан махрум эдилмедиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 3:6
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin,


Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Garranyňyzda-da, Men Şolduryn, saçyňyz agaranda hem sizi götererin, sizi Men ýaratdym, Özüm götererin, Men göterip, sizi halas ederin.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.


Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir.


Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Alfa we Omega, Ilkinji we Ahyrky, Başlangyç we Soň Mendirin».


Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ