Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 3:13 - Mukaddes Kitap

13 Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реб: «Маңа гаршы бихая сөзлер айтдыңыз» диййәр. Сиз болса: «Биз Саңа гаршы нәме айдыпдырыс?» диййәрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 3:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?


Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Eý, gutulyşdan uzak bolan dikdüşdiler, gulak goýuň Maňa!


Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».


Emma biz asman melikesine tütetgi ýakmagy we oňa içgi sadakasyny hödürlemegi bes edenimizden soň bar zada mätäçlik çekýäris, gylyçdan we açlykdan heläk bolýarys».


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


Şonda ähli milletler size bagtly diýerler. Çünki ýurduňyz eşretli ýurt bolar, muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ