Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Өйүмде азык болар ялы, ондан бириңизиң барыны тутушлыгына аммара гетириң. Мени мунуң билен сынап гөрүң. Муны Хөкмүрован Реб диййәр. Гөрүң, Мен гөгүң пенҗирелерини сизиң үчин ачып, үстүңизе долуп-дашян берекет ягдырмарынмы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 3:10
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýadygärlik diken bu dikme daşymy Hudaýyň öýi diýip hasaplaryn. Eý, Hudaý, Seniň maňa beren her bir zadyň ondan birini men Saňa bererin».


Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.


Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.


Gara bulut ýagyş ýagdyrýandyr. Günorta ýa demirgazyga tarap ýykylan agaç ýykylan ýerinde galar.


Men olara we dagymyň töweregindäki ýerlere bereket indererin; ýagşy öz möwsüminde ýagdyraryn, ol ýagyşlar bereket ýagyşlary bolar.


Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.


Şol gün Men jogap bererin» Muny Reb aýdandyr. «Göklere-de jogap bererin. Olar hem ýere jogap bererler.


Reb jogap berip, diýdi halkyna: «Ine, Men size iberýän: gallany, şeraby, zeýtun ýagyny. Doýup-ganyp iýersiňiz olardan. Mundan beýläk milletler arasynda Men sizi etmerin indi masgara.


Harmanlar dolar galladan, çelekler hem dolup-daşarlar täze şerap bilen zeýtun ýagyndan.


Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz.


Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.


Ýerden önýän önümleriň ondan biri: dänemi ýa-da miwe – parhy ýok, olaryň bary Rebbiňkidir. Olar Rebbe bagyş edilendir.


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň.


Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup,


Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer.


Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ