Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма сиз ёлдан чыкдыңыз ве өвүт-үндевлериңиз билен көп адамларың бүдремегине себәп болдуңыз. Сиз Левиниң әхтини боздуңыз. Муны айдян Хөкмүрован Ребдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:8
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy.


Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.


Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».


Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.


Ýöne Ysraýylyň ýoldan çykan döwri Menden aýrylyp, erbet ýola düşen, öz butlarynyň yzyna eýeren lewiler etmişleriniň jezasyny çekerler.


Olar ýasan butlarynyň öňünde ysraýyl halkyna hyzmat etdiler, ysraýyl halkynyň ýazykly bolmagyna sebäpkär boldular. Şonuň üçin hem Men-Reb olaryň öz etmişleriniň jezasyny çekjekdigine ant içdim, muny Hökmürowan Reb diýýär.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; ruhanylary ybadathanany harama çykardylar, Kanuny harladylar.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Meniň onuň bilen eden ähtim ýaşaýyş we parahatçylyk ähtidir. Men bulary oňa Menden gorksun diýip berdim. Ol Menden gorkup, adyma hormat goýdy.


Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Et iýmek, şerap içmek ýa-da haýsydyr başga bir zat doganyňyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, olary etmezlik ýagşydyr.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler.


Beýtmäňiz bolanok, ogullarym! Rebbiň halkyndan meniň eşidýän habarym gowy däl.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ