Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Онуң эдйән өвүт-үндевлери догруды, хилели сөзи ёкды. Ол Мениң билен ылалашык ве догрулык ёлундан йөрәп, көп адамлары гүнәден совды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:6
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.


Emma olar maslahatymy alsadylar, halkyma sözlerimi eşitdirerdiler, şonda halky ýaman ýollaryndan, şer işlerinden gaýtarardylar.


Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar.


Bu är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňünde dogruçyl adamlar bolup, olar Rebbiň ähli buýruklarydyr parzlaryny birkemsiz berjaý ederdiler.


Şeýlelikde, olar Oňa: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi bilýäris.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.


Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, olar müýnsüzdirler.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ