Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Сиз сөзлериңиз билен Ребби ириздиңиз. «Оны нәдип ириздик?» дийип сораярсыңыз. «Яманлык эдйән хер бир адам Реббиң назарында говудыр ве Реб олардан хошалдыр» я-да «Ханы, адалат Худайы ниреде?» дийип ириздиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:17
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?


Erbetler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin, Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!


Indi sen erbetlere hak bolan jezany çekýäň, hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.


Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?


Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Emma sen, eý, Ýakup, çagyrmadyň Meni, eý, Ysraýyl, Menden irdiň sen!


Hoşboý ysly gamyş satyn almadyňyz Maňa, gurbanlyklaryňyzyň ýagyndan doýurmadyňyz, günäleriňiz bilen Maňa ýük bolduňyz gaýtam, etmişleriňiz bilen Meni irizdiňiz.


Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň. Men hem elimi saňa garşy galdyryp, seni ýok ederin. Merhemet etmekden halys ýadadym. Muny Reb aýdýandyr.


Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede? Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler.


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?


Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir?


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Şonuň üçin desseden ýükli araba topragy nähili owradýan bolsa, Men-de sizi duran ýeriňizde edil şonuň ýaly mynjyradaryn.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.


Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ