Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сиз: «Нәме үчин кабул этмейәр?» дийип сораярсыңыз. Себәби Реб сениң ве яш вагтың өйленен аялыңың арасында шаятдыр. Ол янёлдашың, әхтлешен аялың хем болса, сен оңа дөнүклик этдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:14
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.


Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin.


Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir: Ol iýýändir, agzyny süpürip: «Ýaman iş edemok» diýýändir.


Oglum, seni näme üçin başga aýal joşdurmaly? Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?


Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.


Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.


Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Heý, ynsan Hudaýyň hakyny iýermi? Siz Meniň hakymy iýdiňiz! Siz bolsa: «Biz nädip Seniň hakyňy iýdik?» diýýärsiňiz. Hasylyňyzyň ondan bir bölegini bermekde we sadakalaryňyzda iýdiňiz!


Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler.


Soňra Şamuwel olara: «Menden hiç hili nogsanlyk tapmandygyňyza bu gün Reb-de, Onuň seçip-saýlany hem şaýatdyr» diýdi. Halk: «Hawa, Ol şaýat» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ