Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Муны эден киши Хөкмүрован Реббе садака гетирен болса-да, Реб онуң машгаласыны Якубың неслинден согруп ташлап, оны җезаландырсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň uludan-kiçä, halypadan-şägirde çenli bary borçlary üçin bije atdylar.


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Olar öz etmişleriniň jezasyny çekerler. Pygamber-de, ondan maslahat soran-da bir meňzeş jezalandyrylar.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe!


Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.


Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Dawudyň nesilleriniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň şöhraty Ýahudadan öňe geçmez ýaly, Reb ilki ýahuda halkyna ýeňiş berer.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?


Eý, Ýakup, çadyrlaryň ne ajap, eý, Ysraýyl düşelgeleriň ne gözel!


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ