Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Яхуда дөнүклик эдип, Ысрайылда ве Иерусалимде неҗис иш этди. Яхуда кесеки худая сежде эдйән гыза өйленип, Реббиң халаян мукаддес өйүни харама чыкарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 2:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Eýlam ogullaryndan bolan Ýehiýeliň ogly Şekanýa Ezra ýüzlenip: «Biz keseki halkdan bolan aýallara öýlenip, Hudaýymyza biwepalyk etdik. Emma muňa garamazdan, Ysraýylda entegem umyt bar.


Şonuň üçin ýerli halklar bilen gyz alşyp-berişmäň. Hiç haçan olaryň salamatlygyny we abadanlygyny agtarmaň. Şonda siz güýçlenip, ol ýeriň näz-nygmatlaryndan iýip, ony nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.


Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.


Pygamberlik sözi. Malakynyň üsti bilen Rebbiň ysraýyllara aýdan sözi.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Olar bilen gyz alşyp-berişdiler, olaryň hudaýlaryna gulluk etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ