Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сүрүсиндәки гочы садака айдып, соңра онуң ерине Таңра майып-мүҗриби гурбанлык берйән кеззаба нәлет болсун! Чүнки Мен бейик Патышадырын, Хөкмүрован Реб диййәр. Миллетлер Мениң адымдан горкярлар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 1:14
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälete galaryn».


Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy.


üstünden şemal öwüsýär: ol hem ýok bolýar; öňki ýeri ony indi hiç tanamaýar.


Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.


Belent, gözel Sion dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Sion dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.


Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.


Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.


Goý, Ony şöhratlandyrsyn asman bilen ýer, deňizler we olardaky ähli jandarlar.


Men Rebbiň edenlerini ýada salaryn, Seniň gadymy gudratlaryňy ýatlap geçerin.


Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.


Ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa şeýle diýýär: „Öz barlygymdan ant içýärin: biri geler – ol daglar içinde beýik Tabor dagy kimindir, deňiz ýakasyndaky Karmel dagy deýdir.


Nälet bolsun Rebbiň işine ýaltalyk edýäne, Onuň gylyjyny gan dökmekden saklaýana!


Mowap weýran ediler, şäherleri basylyp alnar. Saýlama ýigitleri öldürilmek üçin iberildi. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar.


Men Hudaýym Rebbe dileg etdim we toba edip, şeýle diýdim: «Eý, Taňry, Seni söýýänlere, buýruklaryny berjaý edýänlere ähtini we baky söýgüsini saklaýan beýik we haýbatly Hudaý!


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Reb tutuş ýer ýüzüniň Şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.


Siz näletlendiňiz, sebäbi siz Menden ogurlaýarsyňyz, bütin millet Menden ogurlaýar!


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir.


Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady.


hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz,


Hudaý beýik we ýeke-täk Hökümdardyr, Ol şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysy, ölmezligiň ýeke-täk Eýesidir. Ol ynsanyň gözüni gamaşdyrýan nurda ýaşaýar, Ony hiç bir ynsan görmedi, görüp-de bilmez. Ol Isa Mesihi Öz bellän wagtynda iberer. Hormat we gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ