Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Malaky 1:13 - Mukaddes Kitap

13 „Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 „Бу нәхили иргинлик!“ дийип, сиз муны әсгермезлик этдиңиз, Хөкмүрован Реб диййәр. Гурбанлык хөкмүнде сиз таланып алнан, агсак я-да кесел мал хөдүрлейәрсиңиз! Мен оны кабул эдерин өйдйәңизми? Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Malaky 1:13
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma patyşa oňa: «Ýok, men olaryň bahasyny tölejek. Mugt düşen zady Hudaýym Rebbe gurbanlyk berjek däl» diýdi. Şunlukda, Dawut harman ýeri bilen öküzleri elli kümüş teňňä satyn aldy.


Huzuryma şeýle gelip, howlymy depeläp ýörmegiňizi kim sizden talap etdi?


Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap guýýarsyňyz, galla sadakasyny hödürleýärsiňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?


«Men – Reb adalaty söýýändirin, talaňçylygy, nähaklygy ýigrenýändirin. Olara muzdlaryny takyk bererin, olar bilen ebedi äht baglaşaryn.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok, haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».


Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?


Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.


«Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.


Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär.


Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Indi näme üçin siz Meniň buýran gurbanlyklaryma we sadakalaryma göz dikýärsiňiz? Näme üçin sen, Eliý, halkym Ysraýylyň sadakalarynyň iň saýlama ýerleri bilen özüňizi semretjek bolup, öz ogullaryňy Menden artyk hormatlaýarsyň?“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ