Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:52 - Mukaddes Kitap

52 Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

52 Ол Өзүнден өң бирнәче илчини ёллады. Олар хем Онуң гелерине тайярлык гөрмек үчин, самариялыларың бир обасына гирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:52
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Şol ýoldan geçip barýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregi awaýar.


Isa Samariýa bilen Jeliläniň üstünden geçip, Iýerusalime tarap gitdi.


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“ diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir.


Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar diýen şäherine geldi. Bu şäher Ýakubyň öz ogly Ýusuba beren ýerine golaýdy.


Samariýaly aýal Isa geň galyp: «Sen ýahudy bolup, men samariýaly aýaldan nädip içmäge suw soraýarsyň?» diýdi. Sebäbi ýahudylar samariýalylary äsgermeýärdiler.


Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ