Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniň üstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halk hem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlaýardy.
Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.
Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.
Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.
Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.