Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar.
Ýohanna Isa ýüzlenip: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen arwah-jynlary çykarýan bir adamy gördük, ýöne onuň biziň bilen bile däldigi üçin, ony togtatmak isledik» diýdi.
Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».
Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.