Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:48 - Mukaddes Kitap

48 Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

48 Онсоң олара: «Ким шунуң ялы бир чаганы Мениң адымдан кабул этсе, Мени кабул этдигидир. Мени кабул эден болса, Мени Иберени кабул эдйәндир. Араңызда ким хеммеден пес болса, иң бейик шолдур» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:48
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Bu pes göwünlilerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň! Men size şuny aýdýaryn: gökde olaryň perişdeleri gökdäki Atamyň ýüzüni elmydama görýärler.


Şeýlelikde, bu pes göwünlilerden biriniň heläk bolmagy gökdäki Ataňyzyň islegi däldir.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


«Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».


Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi ýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Size şuny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Hudaýyň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir».


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin».


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.


Şäheriň diwary on iki binýadyň üstünde bina edilipdi, olara Guzynyň on iki resulynyň ady ýazylgydy.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ