Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady.
Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.
Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.
Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi.
Bulary Men size häzirden aýdyp goýýaryn. Wagty gelende, bulary size aýdandygymy ýadyňyza salarsyňyz. Size bulary ilkibaşda gürrüň bermedim, sebäbi Özüm siziň bilen biledim.
Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.