Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:41 - Mukaddes Kitap

41 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

41 Иса: «Эй, ёлдан чыкан, имансыз несил! Мен хачана ченли сизиң билен болуп, сизе чыдайын? Оглуңы бәрик гетир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:41
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy Elýaşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtanyny eşidip, onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Sen näme ýakaňy ýyrtan bolýaň? Nagaman meniň ýanyma gelip, Ysraýylda bir pygamberiň bardygyny bilsin» diýdi.


Atalarymyzyň günälerini bize ýükleme, bizi garşylamaga howluksyn Seniň rehimiň, çünki juda tapdan düşendiris biz.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Reb Musa: «Siz haçana çenli Meniň tabşyryklarymy we kanunlarymy ýerine ýetirmekden boýun towlajaksyňyz?


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez.


Onsoň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňky ýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar. Bu erbet nesle-de şeýle bolar».


Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.


Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlaryň ählisine şu nesil jogapkärdir.


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.


Isa aýak çekip: «Ony çagyryň» diýdi. Köre: «Dogumly bol, tur ýeriňden, Ol seni çagyrýar» diýdiler.


Isa olara: «Eý, imansyz nesil, Men haçana çenli siziň bilen bolaýyn? Haçana çenli size çydaýyn? Oglany Meniň ýanyma getiriň» diýdi.


Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olar bolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adam kimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulak asýar!» diýişdiler.


Şägirtleriňe ony çykaryp ber diýip ýalbardym, emma olar başarmadylar».


Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, arwah-jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwah-jyna käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.


Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme?


Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi.


Kyrk ýylyň dowamynda Hudaý olaryň çöldäki etmişlerine çydady.


Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


Şeýlelikde, biz olaryň ynanmandyklary zerarly wada berlen ýere girip bilmändiklerini görýäris.


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ