Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.
Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.
Ine, ony bir arwah-jyn eýeleýär, ol birden çygyryp başlaýar. Ol ruh onuň agzyndan ak köpük gelýänçä silterleýär, ýer bilen ýegsan edip, ondan zordan aýrylýar.