Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:30 - Mukaddes Kitap

30 Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musa bilen Ylýasdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Ине, ики адам Онуң билен гүррүңлешип дурды. Бу Муса билен Ылясды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:30
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».


Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler.


Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy.


Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyň dünýäden alynmaly pursady barada gürrüň edýärdiler. Bu pursat Iýerusalimde amala aşmalydy.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ