Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Onsoň Isa sözüni dowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we üçülenji gün direlmelidir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Онсоң Иса сөзүни довам эдип: «Ынсан Оглы көп гөрги гөрмели, яшулулар, ёлбашчы руханылар ве Төврат мугаллымлары тарапындан рет эдилмели, өлдүрилмели ве үчүленҗи гүн дирелмелидир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi.


Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar.


«Jenap, ol ýalançynyň entek dirikä: „Men üç günden soň direlerin“ diýeni biziň ýadymyzda.


Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.


Ol şägirtlerine: «Ynsan Ogly ynsanlaryň eline berler, Ony öldürerler, ýöne öldürenlerinden üç günden soň, Ol direler» diýdi.


Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakam size aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisi berjaý bolmalydyr» diýdi.


Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryň eline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üçülenji gün direlmelidir“ diýipdi» diýdiler.


«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi.


Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.


Olaryň kalbyndaky Mesihiň Ruhy Onuň çekmeli ejirleri we ejirlerden soňky şan-şöhraty barada owaldan äşgär etdi. Olar bularyň nähili we näwagt boljakdygy barada Mukaddes Ruhuň näme görkezýändigini aňlamaga çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ