Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:16 - Mukaddes Kitap

16 Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Иса болса бәш чөрек билен ики балыгы алып, гөзлерини гөге дикип шүкүр этди. Соңра булары халка пайлар ялы бөлүшдирип шәгиртлерине берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:16
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.


Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin gurban edilýän bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar.


Hemmeler iýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.


Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam?


şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ