Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эмма мәхелле муны билип, Онуң ызындан барды. Ол хем олары оңат гаршылап, Худайың Шалыгы хакда гүррүң берди ве шыпа мәтәч адамлары сагалтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 9:11
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.


«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler.


Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.


Isa olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.


Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şähere gitdi.


Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çola ýerde ahyry» diýdiler.


Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyz etmäge we hassalara şypa bermäge iberdi.


Isa olara: «Meniň iýmitim Özümi Ibereniň yradasyny berjaý etmekdir, Onuň işini ýerine ýetirmekdir.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Ol batyrgaýlyk bilen we hiç bir bökdençsiz Hudaýyň Şalygyny wagyz edip, Rebbimiz Isa Mesih barada öwretdi.


Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?!


Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir.


Sebäbi «Saňa dil ýetirýänleriň gepi başyma indi» diýip ýazylyşy ýaly, hatda Isa Mesihhem Öz göwnünden turjak bolan däldir.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ