Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.
Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi.
Edil ysraýyl halkyna wagyz edilişi ýaly, Hoş Habar bize-de wagyz edildi. Olaryň eşiden habarynyň olara hiç bir peýdasy bolmady, sebäbi olar muny iman bilen kabul etmediler.