Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:47 - Mukaddes Kitap

47 Aýal eden işiniň mundan aňry gizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elini degrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

47 Аял эден ишиниң мундан аңры гизлин галмаҗакдыгыны биленсоң, титрәп гелип, Исаның аягына йыкылды. Әхли халкың өңүнде өзүниң нәме үчин Иса элини дегрендигини, шобада хем шыпа тапандыгыны гүррүң берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:47
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.


Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.


Men Efraýymy tanaýaryn, Ysraýylam Menden gizlin däldir. Çünki sen zyna etdiň, eý, Efraýym. Ysraýyl hem haramdyr.


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.


Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi.


Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüň çykanyny duýdum» diýdi.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ