Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:43 - Mukaddes Kitap

43 Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Мәхелләниң ичинде он ики йылдан бәри ган акма кеселли бир аял хем барды. Ол хич затдан хайыр тапманды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:43
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.


Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, baryňyz dereksiz lukmandyrsyňyz.


Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.


Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?


Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.


Arwah-jyn ony tutanda ýere urýar. Oglan agzyny köpürjikledip, dişlerini gyjyrdadyp gatap galýar. Seniň şägirtleriňden oglumdan arwah-jyny kowup çykarmaklaryny haýyş etdim, ýöne olar başarmady» diýip jogap berdi.


Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalyk ruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla dikelip bilmeýärdi.


Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.


Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy.


Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Ol Isanyň arka tarapyndan baryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobada gan akmasy kesildi.


Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi.


Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler.


Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar.


Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ