Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:42 - Mukaddes Kitap

42 Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

42 Мунуң себәби онуң он ики яшларындакы екеҗе гызы өлүм яссыгында ятырды. Иса ол ере гидип барярка, мәхелле Оны хер яндан гысып-говруп барярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:42
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar.


Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?


«Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.


«Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady.


Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi.


Mähelläniň içinde on iki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy.


Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus: «Halypa! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi.


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ