Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:35 - Mukaddes Kitap

35 Halk bolan wakany görmek üçin geldi. Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykan adamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Халк болан ваканы гөрмек үчин гелди. Олар Исаның янына геленлеринде, ичинден арвах-җын чыкан адамың гейнип, Исаның аягуҗунда отурандыгыны, акылының хем ериндедигини гөрүп горкдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:35
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.


Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. Ol Reb Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerini diňleýärdi.


Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa arwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bäri hiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryň arasynda ýaşaýardy.


Bolan zady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ