Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:32 - Mukaddes Kitap

32 Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmegini sorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Шол ердәки дагың этегинде уллакан бир доңуз сүрүси отлап йөрди. Арвах-җынлар доңузларың ичине гирмәге ругсат этмегини сорап, Иса ялбардылар. Ол хем ругсат этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:32
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.


Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.


Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar.


Olar gabyrlaryň arasynda oturyp, gizlin ýerlerde gijäni ötürýärler; doňuz etini iýýärler, haram et gaýnadýarlar gazanlarynda.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr.


Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Müň ýyl dolandan soň, şeýtan tussagdan boşadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ