Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:21 - Mukaddes Kitap

21 Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym – Hudaýyň sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эмма Иса: «Мениң эҗем, доганларым – Худайың сөзүни диңләп, оны берҗай эдйәнлердир» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:21
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi.


Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


«Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ