Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:18 - Mukaddes Kitap

18 Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шонуң үчин хем нәхили диңлейәндигиңизе үнс бериң. Кимде бар болса, оңа ене берлер, йөне кимде ёк болса, өзүниңки хасап эдйән зады хем элинден алнар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:18
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme barýar.


Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.


Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar, emma kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Ol: „Men size diýýärin, kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar.


«Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsanlaryň eline tabşyrylar» diýdi.


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Kim haýsydyr bir zady eýýäm bilýändirin öýtse, onda ol heniz bilmelisi ýaly bilýän däldir.


Eger ynsan güýjüne daýanmaly bolsa, onda bu babatda meniň doly tutarygym bardyr. Eger ýene kimdir biri tene daýanmaga tutarygy bardyr öýtse, meniňki ondan-da köpdür.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ