Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 8:15 - Mukaddes Kitap

15 Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Говы топрага дүшенлер болса, сөзи эшидип, оны ягшы хем пәк йүрекде саклаянлардыр. Олар чыдамлылык билен миве берйәндирлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 8:15
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.


Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.


Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb Hökmürowan Hudaý!


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr. Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir.


Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir, emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.


Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Ýöne indi günäniň ygtyýaryndan azat edilip, Hudaýyň guly bolduňyz. Munuň netijesi halal ýaşamaklyk, soňy bolsa baky ýaşaýyşdyr.


Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys.


Sünnetlilik-de, sünnetsizlik-de hiçdir. Iň esasy zat Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmekdir.


Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Şonda durmuşyňyz Isa Mesih arkaly amala aşýan dogry işlerden dolup-daşar, siz Hudaýa öwgi we şan-şöhrat getirersiňiz.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz.


Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ