Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Luka 7:7 - Mukaddes Kitap

7 Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa barmaga mynasyp saýmadym. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шонуң үчин хем мен өзүми Сениң яныңа бармага мынасып саймадым. Диңе бирҗе сөз айтсаң бес, мениң хызматкәрим сагалар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Luka 7:7
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu bir täze taglymat! Ol arwah-jynlara erk-ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Oňa tabyn bolýarlar!» diýişdiler.


Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen arwah-jynlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler.


Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.


Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi. Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.


Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär».


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Öldürýänem Rebdir, direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ